Фото аптеки  

'Boýbodron' Hususy kärhanasy 1998-nji ýylda döredilenden bäri Türkmenistanyñ Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan berlen ygtyyýarnama esasynda farmasewtiki, saglygy goraýyş we ortopediýa önümleriniñ bölek we lomaý sowdasy işlerini alyp barýar.

Kärhananyñ esasy maksatlarynyñ biri Türkmenistanyñ ilatyny ýokary hilli derman we lukmançylyk serişdeleri bilen elýeter bahadan üpjin etmek bolup durýar. Dünýäbelli öndürijiler bilen uzak möhletleýin işewür gatnaşyklary alyp barmak bilen kärhana özüniñ ilata hödür edýän harytlaryñ sanyny hasda artdyrmak ugrunda hem köp işler alyp barýar. SFM, Germaniýa; SigmaPharm, Awstriýa; LMP, Latwiýa; Microlife, Şweýsariýa; Mefa, Şweýsariýa; Reliance Life Sciences, Indiýa ýaly adybelli öndüriji kompaniýalaryñ harytlaryny ilatymyza hödür etmek biziñ üçin uly hormatdyr.

'Boýbodron' Hususy kärhanasy 2003 we 2004-nji ýyllarda Ženewada Halkara Fondy tarapyndan 'Işewürlikde ýokary hil görkezenligi' üçin altyn medala mynasyp boldy. 

'Boýbodron' Hususy kärhanasynyñ salgysy: ş. Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly 204 jaý. Tel/faks: 95-12-93, 95-12-97, 95-12-94.

Dermanhananyñ ýerleşýän ýeri: ş.Aşgabat, Görogly köçe, "Aşgabadyň Ýalkymy" söwda merkezi 

Tel: 97-03-03

 

“Boý Bodron” Hususy kärhanasynyň

1998-2013 ýyllarda alyp baran

işleriniň seljermesi

“Boý Bodron” Hususy kärhanasy (öňki ady “Farmakolog” hususy kärhanasy) 1998-nji ýylda döredildi. Bu hususy kärhananyň esasy öňünde goýýan maksady girdeýji almaklygynyň hasabyna içerki bazary halkyň isleglerine doly laýyk gelýän dermanlyk serişdeleri bilen üpjün etmeklikden ybaratdyr “Boý Bodron” hususy kärhanasynyň işjeňligi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň berýän ygtyýarnamasy bilen kesgitlenilýär, şu günki güne çenli bu ygtyýarnama möhleti dört gezek uzaldylan, häzirki wagtda resminalaryň toplumy bäşinji gezek möhleti uzaltmaga hödürlenýär.

“Boý Bodron” Hususy kärhanasy daşary ýurtda hem-de ýurdumyzyñ öz içerki öndürijileri tarapyndan öndürilýän dermanlyk serişdeleri we lukmançylyk enjamlarynyñ alyp satyjy kärhanasydyr. Kärhananyñ bu ugurdaky alyp barýan işleri soñky ýyllardaky aýlaw we satyş moçberleriniñ hem-de satyn alyjylarynyñ dowamly ösmegi bilen bellenýär. Mysal üçin:

 

1998-2001 ýyllary aralygynda aýlanşyk 30% artdy;

2001-2004 ýyllary aralygynda aýlanşyk 50% artdy;

2004-2007 ýyllary aralygynda aýlanşyk 80% artdy;

2007-2010 ýyllary aralygynda aýlanşyk 90% artdy; 2010-njy ýyldan häzirki döwüre çenli artyş 100%-den hem aşandygyny nygtap geçmeli.

 

Kärhanamyz tarapyndan getirilip satylýan ähli dermanlyk serişdeleri we lukmançylyk enjamlary "Türkmendöwletstandartlarynyñ" degişli talaplaryna we halkara GMP standartlaryna doly talaba laýyk gelýär. Bu ýagdaý biziñ satyn alyjylarymyza ýokary hilli harytlaryñ hödürlenmegini üpjin edýändir.

 “Boý Bodron” Hususy kärhanasy özüniň  işlerinini farmasewtik işleri alyp barmaga ygtyýar berýan lisenziýa esasynda  bölek satuw, lomaý satuw görnüşde  derman söwdasyny edýär.

Derman harytlaryny almak üçin özara şertnamalar baglaşylýar. Şeýlelikde  “Boý Bodron” hususy kärhanasy daşary ýurtlaryň derman serişdeleriniň birnäçe görnüşlerini Türkmen Döwlet hasaba alyş Gullugynyň bellige almagyna ýardam etdi;

Şolardan:

1. Germaniýanyň “SFM Hospital Products GmbH” zawodynyň 7 görnüşli lukmançylyk serişdeleri;

2. Şweýsariýanyñ Mefa zawodynyñ  13 görnüşli derman serişdeleri;

3. Rumyniýanyñ Romfarma zawodynyñ 7 görnüşli derman serişdeleri;

4. Indiýanyñ Biomedikeýr zawodynyñ 12 görnüşli derman serişdeleri;

5. Indiýanyñ Apogee International zawodynyñ 15 görnüşli derman serişdeleri;

6. Germaniýanyñ PharmaGarant kompaniýasyna degişli Merz, Esparma GmbH, Dentinox, Pharma Wernigerode zawodlarynyñ jemi 14 görnüşli derman serişdeleri;

7. Latwiýanyñ LMP zawodynyñ 14 görnüşli derman serişdeleri;

8. Latwiýanyñ Forans zawodynyñ 45 görnüşli lukmançylyk serişdeleri;

9. Germaniýanyñ Shanghai International Co. kompaniýasynyñ 2 görnüşli lukmançylyk serişdeleri;

10. Fransiýanyñ Ipsen zawodynyñ 5 görnüşli derman serişdeleri;

11. Awstriýanyñ Sigma Pharma zawodynyñ 6 görnüşli derman serişdeleri.

 

Türkmen Döwlet hasaba alyş Gullugy tarapyndan bellige alyndy.

Derman harytlary alynanda ilata gerek bolan dürli görnüşdäki, ulanyş möhleti dowamy bolanlary saýlanyp alynýar.

Dermanlar ýerlenende dermanhananyň üsti  bilen nagt hasaplaşyk bilen, firmalara nagt däl hasaplaşyk esasda goýberilýär. Derman satmakdan gelen pullar öz wagtynda döwlet gaznasyna geçirilýär, salgytlar öz wagtynda  tölenýär.

Türkmenistanyň çäginden daşarda kärhananyň wekilhanasy ýok. Türkmenistanyň içinde golçur kärhanalar döredilmedik.

“Boý Bodron” kärhanasy döredileninden bäri Aşgabat şäherindäki Inçekeseller Institutyna, şäher bejeriş – sagaldyş hassahanasyna, çagalar öýüne, maýyplar öýüne 165,7 müň manatlyk maliýe kömegini berdi.

"Boý Bodron" hususy kärhanasy 2009-njy ýyldan bäri üç sapar Halkara "Saglyk" sergisine işjeñ gatnaşyp, 2012-njy ýylyň 23-23-nji iýulynda geçirlen “Beýik Galkynyşlar zamanasynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen sergitler” atly halkara sergisine gatnaşyp, serginiň tapawutlanan diplomy bilen sylaglalandygyny belläp geçmek gerek. Bu sergide “Boý Bodron” hususy kärhanasy “SFM Gospital Produkts GmbH” – Germaniýa, “Rompharma Company S. R. L” – Rumyniýa, “Minskinterkaps” – Belarusiýa ýaly ady belli daşary yurt farmasewtiki kompaniýalarynyň önümlerini görkezdi. Kärhanamyz "Saglyk-2013" Halkara sergisine hem gatnaşyp, soñky ýylyñ içinde üstünlikli geçiren gepleşikleriñ netijesinde ýewropanyñ birnäçe öndürijileriniñ ýokary hilli önümlerini halkymyzyñ we medisina ulgamynyñ hünarmenleriniñ dykkatyna hödürledi. Netijede, kärhanamyz "Saglyk-2013" Halkara sergisiniñ ýeñijisi bolup, Altyn Diplom bilen sylaglandy.

“Boý Bodron’ hususy kärhanasy geljekde dermanlaryň dürli görnüşlerini ilatyň islegine göra getirmekligi we ýerlemekligi, haryt dolanşygyny yzygiderli artdyrmaklygy borç edinýär.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen, ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamy düýpli ösüşe eýe boldy. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde möhüm ähmiýetli ulgamlaryň hataryna degişlidir. Häzirki wagtda saglygy goraýyş ulgamy ösen pudak bolmak bilen, ýurdumyzyň ykdysady ösüşine uly goşant goşýar. Şol bir wagtda-da, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady, ilkinji nobatda bolsa, ýurdumyzyň ilatyny ýokary hilli bejeriş-öňüni alyş hyzmatlary we saglyk abadançylygy bilen üpjün etmegi  düýpli gowulandyrmak, ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça degişli işleri amala aşyrmak wezipesi öňde durýar.

Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň başda durmagynda işlenilip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda adamlaryň saglygyny berkitmekde, keselleriň öňüni almakda, iň esasan hem, ýurdumyzda ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmagy üpjün etmekde bu ugra gönükdirilen döwlet harajatlary, şeýle hem dünýä ylmynyň ösen tejribeleriniň biziň şertlerimize laýyk ornaşdyrylmagy, şol bir wagtda-da maddy-tehniki üpjünçiliginiň döwre laýyklykda kämilleşdirilmegi türkmen lukmançylygynyň esasy aýratynlyklary hökmünde häsiýetlendirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri syýasaty ilatyň saglygyny goramaga we durmuş goraglygyna gönükdirilendir. Milli aýratynlyklarymyza laýyklykda lukmançylyk ylmynyň we biliminiň dünýä derejesine ýetirilmegi, hemaýata mätäç adamlara döwlet tarapyndan kömek pullarynyň bellenmegi, talyp haklarynyň ýokarlandyrylmagy, obada durmuş hajatly desgalaryň gurulmagynyň göz öňüne tutulmagy, çagalaryň sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň toplumlaýyn döredilmegi, welaýatlarda «Ene mähri» merkezleriniň, paýtagtymyzda köp sanly halkara derejeli bejeriş-öňüni alyş merkezleriniň, şypahanalaryň, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň täze binalarynyň  gurulmagy muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

SÖWDA SEBETIM

Söwda sebetiňiz boş

HABARLAŞMAK

DERMANHANA:
Telefon +993 (12) 97 03 03
Faks +993 (12) 95 12 94
E-mail info@boybodron.com
Salgy ş. Aşgabat, "Aşgabadyň Ýalkymy" söwda merkezi

OFIS:
Telefon +993 (12) 95 12 92/93/94
Faks +993 (12) 95 12 92
E-mail info@boybodron.com

MARKETING BÖLÜMI:
E-mail

DAŞARY YKDYSADY GATNAŞYKLAR BÖLÜMI:
E-mail gsaparov@boybodron.com

Hyzmatdaşlar

PHARMAGARANT
Orion Finland
merz
esparma
ipsen
Reliance
rayner
Hagleitner
Dentinox
LMP
Medochemie
Vitabiotics
Medrull
Rompharma Srl
SFM Berlin
Incepta Pharmac
Microlife
Türkmen Senet
Forans One Touch